Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagyna çagyrdy diýip, türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda, Hytaýyň Týanszin şäherinde geçen “ŞHG+” sammitinde eden çykyşyna salgylanyp ýazýar.
Döwlet baştutanynyň aýtmagyna görä, bu köpugurly terminal, netijeli ulag we logistika geçelgesiniň döredilmeginde möhüm orun tutup biler.
Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde, türkmen tarapy ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika we söwda ulgamlaryny kesgitledi diýip, habarda bellenýär.
Berdimuhamedowyň Hazarýaka we Hazarüsti ulag ugurlaryny nazarda tutup aýtmagyna görä, Türkmenistanyň we ŞHG-niň bu ugurdaky bähbitleri gabat gelýär.
Türkmen prezidenti ŞHG sammitine hormatly myhman hökmünde, HHR-iň başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça gatnaşdy.
Türkiýäniň GAP Inşaat kompaniýasy tarapyndan gurlan we 2018-nji ýylyň maýynda açylan 1,5 milliard dollarlyk desganyň halkara ähmiýeti, hünärmenleriň käbiriniň pikirine göräm sorag astynda galýar.