Obalary ýer-ýegsan eden güýçli ýer titremesinden soň, Owganystanda 1400-den gowrak adamyň ölendigi, müňlerçe adamyň ýaralanandygy habar berildi. Kömek işgärleri ýurduň uzak, gyrak-bujakdaky daglyk sebitlerine barmak üçin jan çekýärler.
“Talyban” hökümetiniň baş metbugat sekretary Zabihullah Mujahid, Pakistan serhedine ýakyn Jalalabad şäheriniň golaýynda 6 ball güýjündäki ýer titremesinden iki gün soň, ölenleriň sanynyň 1411-e ýetendigini, 3100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
"Talyban" häkimiýetleri biraz öň bu wakada azyndan 900 adamyň ölendigini habar berdiler.
"Biz harabalyklaryň aşagynda näçe jesediň gömlüp galandygyny takyk çaklap bilmeris" diýip, Tebigy betbagtçylyklara garşy göreş edarasynyň sebit başlygy Ehsanullah Ehsan aýtdy.
“Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümet, Russiýadan başga, hiç bir ýurt tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedi. Emma, de-fakto hökümdarlar tarapyndan döredilen päsgelçiliklere garamazdan, kömek toparlary aragatnaşyk gurmaga synanyşdy.