Rus goşunlary Zaporižiýa sebitiniň Pologowskiý etrabynyň Omelnik obasyna howa hüjümini etdi diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedorow habar berdi.
Onuň sözlerine görä, hüjüm netijesinde ýaşaýyş jaýlary ýumrduldy. Ýykylan jaýlaryň birinde 64 ýaşly jübüt öldi.
Ukrainanyň howa güýçleri rus goşunynyň 1-nji sentýabra geçilýän gije Ukraina 86 pilotsyz uçar bilen hüjüm edendigini habar berdi.
Howa goranmak güýçleri ýurduň demirgazygynda, günortasynda, gündogarynda we merkezinde 76 pilotsyz uçary urdy we 10 pilotsyz uçaryň alty ýere zarba urandygy hasaba alyndy.
Sumy sebitiniň Drujbowskaýa jemgyýetinde 64 ýaşly bir adam, Belopolskaýa jemgyýetinde bolsa 41 ýaşly aýal ýaralandy.