ABŞ Gaza zolagyny azyndan 10 ýyl gözegçilik astyna almagy teklip etdi diýip, “The Washington Post” degişli resminama salgylanyp ýazýar.
Neşiriň maglumatyna görä, meýilnama iki milliondan gowrak gazaly ýaşaýjynyň anklawyň içindäki we daşyndaky howpsuz zolaklara wagtlaýyn göçürilmegini göz öňünde tutýar.
Gazany terk etmek kararyna gelen her bir palestinala 5000 dollar möçberinde nagt pul tölemek teklip edilýär.
Mundan başga, olara täze ýaşaýan ýerlerinde dört ýyl kärende tölegi tölener we bir ýyllap azyk üpjünçiligi üçin subsidiýa berler diýip, habarda aýdylýar.
Resminamada bellenmegine görä, giden her bir adamyň göçürilmegi Amerikan trusta takmynan 23,000 dollar tygşytlamak mümkinçiligini berýär. Meýilnamanyň awtorlary bu serişdäniň Gazada wagtlaýyn ýaşaýyş we durmuş üpjünçiligi hyzmatlaryny guramak üçin sarp edilmelidigini öňe sürýärler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Gazanyň ilatyny başga ýere göçürmek pikirini birnäçe gezek öňe sürdi. Arap ýurtlary bu teklibi ýiti tankyt etdi.