Türkmen häkimiýetleri raýat aktiwisti Myrat Düşemowy indi tas üç aý wagt bäri derňew tussaghanasynda saklaýar, täze açylan galplaşdyrylan iş esasynda geçirilmeli kazyýet seljerişligi geçirilmeýär diýip, “Turkmen.News” 1-nji sentýabrda habar berdi. Azatlygyň habarçylary aktiwistiň 'işiniň' il arasynda barha köp pikir alyşma, 'syýasy çekişmelere' sebäp bolýandygyny habar berýär.
Myrat Düşemow, aktiwisiň işini ýakyndan yzarlaýan neşiriň ýazmagyna görä, raýat pozisiýasy üçin öňki berlen 4 ýyl tussaglyk jezasyny 12-nji iýunda tamamlap, azatlyga çykmalydy, ýöne muňa derek, diňe onuň özüne däl däl, tutuş maşgalasyna basyş edilýär, erkek we aýal doganlarynyň ýurtdan çykmagy gadagan edildi.
Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri aktiwistiň 80 günden gowrak bikanun saklanmagynyň, onuň ejesine we doganlaryna edilýän basyşlaryň türkmen jemgyýetçiliginde prezident Serdar Berdimuhamedowa berilmeli soraglary has köpeldýändigini habar berýärler.
"Gorkuzma we sem etme çäreleri nägileligi güýçlendirýär"
Myrat Düşemowyň hossarlaryna garşy görülýän gorkuzma we sem etme çäreleri türkmenistanlylaryň ýurtdaky demikdiriji syýasy atmosfera bolan nägileligini has-da güýçlendirýär diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar aýdýar.
Degişli maglumat BMG-niň hukuk goraýjylar boýunça hasabatçysy Düşemowyň azat edilmegine çagyrýarAşgabatdaky hukuk goraýjy işgärleriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, häkimiýetleriň diýdimzor basyş praktikasy soňy bilen ilat arasynda gorkyny we tabynlygy däl-de, eýsem gahar-gazaby, režimden närazylygy güýçlendirýär.
"Häzirki ýiti ykdysady krizisiň, halkara arenasyndaky dartgynly geosyýasy ýagdaýyň fonunda dowam etdirilýän gözçykgynç syýasy repressiýalar, ar alyş we basyş çäreleri ilatyň... protest meýilli garaýyşlaryny has hem çuňlaşdyrýar. ...ýurduň ýapyklygyny, režimden harbylaryň we ep-esli emeldaryň hem, halk bilen bir hatarda, ýadandygyny nazarda tutsak, islendik ykdysady we jemgyýetçilik uçguny ahyrsoňy syýasy oda getirip biler" diýip, prokuratura edarasynyň bir işgäri paýtagtdaky habarçymyza öz pikirini aýtdy.
Bu pikir bilen Balkan sebitindäki habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen milli howpsuzlyk işgäri hem ylalaşýar. Ýurtda amala aşyrylýan, şol sanda MHM işgärleriniň ýokardan berlen buýruk esasynda görýän öç alyş çäreleri, hak-hukuklaryny talap edýän raýatlara garşy guralýan prowokasiýalar soňy bilen Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri üçin-de garşylykly netije döredýär diýip, söhbetdeşimiz öz pikirini paýlaşdy.
MHM işgäri 'garşylykly netije' ähtimallygyny duýdurýar
"Bize ýokardan prezidentiň we kakasy Arkadagyň abraýyna şek getirjek hereketleriň öňüni alyň, syýasata garşy gidýän raýatlary ýygnaň diýen ýaly görkezmeler berilýär. Emma Düşemowa, beýleki graždan aktiwistlerine, olaryň maşgalalaryna garşy görülýän çäreler soňy bilen toýlarda, märekede, köpçülik ýerlerinde hut prezident we onuň kakasy barada ýiti tankydy pikir alyşmalaryň döremegine getirýär” diýip, balkanly MHM işgäri aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, adamlar ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň fonunda öz hak-hukuklaryny sorap, çykyş edýän raýatlara bildirýän raýdaşlyklaryny has ýygy-ýygydan dile getirip başlaýarlar, aktiwistlere edilýän islendik basyş şol bada gönüden-göni ataly-ogul Berdimuhamedowlaryň syýasatyna bolan nägileligiň güýçlenmegine getirýär.
Habarçylarymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň biri bu pikir bilen doly ylalaşyp, Düşemowa, onuň maşgala agzalaryna garşy ulanylýan repressiýa çäreleriniň ilat arasynda MHM-ä ýa polisiýa däl, Berdimuhamedowlaryň syýasatyna bolan nägileligi artdyrýandygyny tassyk etdi.
"Ýurtda emele gelen bogujy syýasy ýapyklyga garşy, daşary ýurtlardaky ýaly, köpçülikleýin protestleriň möhümdigi baradaky pikir alyşmalar has hem ýygjamlaşyp ugraýar" diýip, daşoguzly intelligensiýa wekili aýtdy.
Degişli maglumat Duşemowyň ejesi tussag ogluny boşatmaga çalyşýar, jemgyýetde duýgudaşlyk güýçlenýärIlat arasyndaky repressiýa ýadawlygynyň has hem çuňlaşmagy netijesinde, ýurt içinde özara raýdaşlyk, duýgudaşlyk artyp ugrady, syýasy biperwaýlyk we gorky peselýär diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşn aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Onuň pikiriçe, Myrat Düşemowa garşy edilýän hüjümler hut halk köpçüliginiň hak-hukuklaryna we adam mertebesine edilýän hüjüm hökmünde kabul edilip başlanýana meňzeýär.
Häkimiýetler halk arasyndaky raýdaşlygy güýçlendirýärmi?
"Häkimiýetler, özleri biler-bilmän, adamlaryň nähak tussaglykda saklanýan graždan aktiwistleri bilen arasyndaky ruhy birleşigini ösdürýär" diýip, paýtagtly ýaşaýjy öz pikirini aýtdy.
Aktiwistiň iýul aýynyň aýagynda bolar diýlen kazyýet seljerişligi bolmady. Türkmenistanyň Jenaýat-prosessual kodeksiniň 230-njy maddasyna laýyklykda, jenaýat işleriniň deslapky derňewi jenaýat işiniň gozgalan gününden soň iki aýdan gijä galman tamamlanmaly diýip, “Turkmen.News” ýazýar.
12-nji iýunda tussaglyk möhleti tamamlanýan we öýünde garaşylan Myrat Düşemow, aýdylmagyna görä, indi 82 gün bäri “Abdy Şükür” türmesiniň deslapky tussaghanasynda otyr.
“Turkmen.News” neşiriniň ýazmagyna görä, Myradyň ejesi Täzegül Mämmedowa 25-nji awgustda günbatarly diplomatlar bilen duşuşyp, ogluny boşatmakda kömek soramakçy bolýar. Şondan bir gün öň, 24-nji awgustda, gije onuň kwartirasyna iki sany polisiýa işgäri gelýär. Olaryň biri şol ýeriň polisiýa işgäri bolup, näme üçin gelendikleri belli däl, ýöne jübi telefony arkaly edilen ýazgy olary saklady diýip, neşir maşgala edilýän bikanun basyşlaryň jikme-jikliklerini habar berýär.
Türkmen häkimiýetleri öz raýat pozisiýasy üçin saklanan aktiwistleriň, şol sanda syýasy tussaglaryň, wyždan bendileriniň soňky ykballary baradaky soraglara köplenç jogap bermeýär we, ýurtda dowam edýän repressiw syýasat zerarly, olaryň hossarlary we goldawçylary açyk protest çärelerini geçirmekden saklanmaly bolýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.