Don boýundaky Rostowda pilotsyz uçarlaryň uran zarbalary netijesinde köp gatly iki bina zyýan ýetdi diýip, sebit häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Ýuriý Slýusar habar berdi.
Onuň sözlerine görä, Tkaçewa köçesindäki 19 gatly binanyň fasadyna we üçegine, Elýana köçesindäki 25 gatly binanyň kwartiralarynyň fasadyna we penjire aýnalaryna zyýan ýetdi.
Öten agşam üç sany uly adam, bir çaga dürli şikaýatlar bilen lukmanlara ýüz tutdy we saglyk kömegini aldy. Olaryň hiç biriniň saglygyna uly zyýan ýetmedi diýip, Slýusar ýazdy.
Kwartiralaryň birinde ýarylmadyk snarýad tapyldy diýip, Slýusar habar berdi. Binanyň 320 ýaşaýjysyny ewakuasiýa etmek işleri dowam edýär. Ýakyn aralykda ýerleşýän 115-nji mekdepde wagtlaýyn ýaşaýyş nokady döredildi.
Ýerine ýetiriji häkim snarýadyň haýsy binadan tapylandygyny anyklaşdyrmady.