Rus goşuny Ak ybadathana zarba urdy, adam öldi

Sumy sebiti, 1-nji sentýabr, 2025

Rus goşuny 2-nji sentýabra geçilýän gije Ukraina 150 sany pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi.

Ak ybadathana urlan zarbalar netijesinde bir adam öldi. Kiýew sebit harby administrasiýasynyň başlygy Nikolaý Kalaşnigiň sözlerine görä, onuň jesedi garaž kooperatiwinde turan ýangyn söndürilende tapyldy.

Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy angarlaryň we bir kärhananyň üç gatly binasynyň ot alandygyny habar berdi. Ýangyn öçürildi.

Sumy şäher harby administrasiýasynyň başlygy Sergeý Kriwoşenko hüjüm netijesinde söwda meýdançasynyň jaýlarynyň weýran bolandygyny, dört ýaşaýyş jaýynyň zaýalanandygyny we 50 töweregi penjiräniň aýnalarynyň döwlendigini habar berdi.

"Ejir çekenler, ambulatoriýa kömegini soranlar bar, olaryň arasynda çaga hem bar” diýip, ol ýazdy.

Sumy sebit administrasiýasynyň başlygy Oleg Grigorowyň sözlerine görä, şäheriň Zareçny etrabynda uly ýangyn boldy.

Rus harbylary Odessa sebitiniň Izmail etrabyndaky port infrastrukturasyna hüjüm etdiler. "Abanan howp-hatarlara öz wagtynda jogap berilmegi netijesinde düýpli weýrançylygyň we adam pidalarynyň öňi alyndy" diýip, ýerli häkimiýetler aýtdy.