- Ukraina Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan kabul edilen jemleýji jarnamada Russiýanyň urşunyň agzalmazlygyny tankyt etdi
- ‘Isleg koalisiýasy’ 2-nji sentýabrda Parižde duşuşýar, ýewropa liderleri Ukraina boýunça howpsuzlyk kepilliklerini maslahatlaşýar
- Kremliň maslahatçysy Ukrana, Russiýa we ABŞ prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammit geçirmek ähtimallygynyň pes bolandygyny aýdýar
Ukraina Hytaýdan parahatçylygy gazanmak babatynda Wladimir Putine basyş etmegi soraýar, bu aralykda rus prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagynyň yz ýany, Pekine bardy.
“Biz Hytaý Halk Respublikasynyň geosyýasy ähmiýetini nazarda tutup, BMG hartiýasyna hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda, Ukraina parahatçylygy ornaşdyrmak babatynda Pekiniň has işjeň rol almagyny makullardyk” diýip, Ukrainanyň Daşary işler ministrligi 2-nji sentýabrda Putin hytaý paýtagtyna baranda çap eden beýanatynda aýtdy.
Ministrligiň beýanatynda ŞHG sammitiniň jemleýji jarnamasynda çaknyşygyň agzalmazlygy bellendi. Bu çaknyşyk Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainanyň üstüne çozuşa girişeli bäri doly-gerimli urşa öwrüldi.
Degişli maglumat ŞHG sammiti: Putin Ukraina urşy boýunça Günbatara günä bildirýär, Si Hytaýyň diplomatik täsirini mazamlaýar“Biz sammitde kabul edilen jemleýji jarnamanda, 20 sahyplayk Týanszin deklarasiýasynda Ukraina garşy alnyp barylýan rus urşunyň ýekeje-de gezek agzalmazlygyny bellärlikli hasaplaýarys” diýip, beýanat aýtdy.
“II Jahan urşundan bäri Ýewropada bolup geçýän iň iri agressiýa urşunyň şeýle möhüm we esasy resminamada aýdylmazlygy, ýöne dünýäde bolup geçýän beýleki uruşlaryň, terror hüjümleriniň we wakalaryň agzalmagy geň galdyrýar” diýip, beýanat aýtdy.
Ol jarnamada Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň agzalmazlygynyň “Moskwanyň diplomatik tagallalarynyň şowsuz bolandygyny görkezýändigini” aýtdy.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň ýakyn ýarany bolan Hytaýy urşy bes etmek babatynda Putine basyş etmäge çagyryp geldi.
Hytaýda 3-nji sentýabrda başga-da bir ýokary derejeli diplomatik çäre, II Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli harby ýöriş geçiriler.
Putin Günbatary günäkärleýär
Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Týanszin şäherinde geçirilen sammitinde hytaý lideri Si Szinpin bilen egindeş durandan soň eden çykyşynda özüniň Ukraina garşy girişen çozuşy boýunça Günbatara garşylyk beýan edip, söz sözledi.
Russiýanyň TASS habarlar agentligine görä, Putin Ukrainadaky urşuň “rus hüjümleriniň netijesinde däl”, Kiýewde Günbataryň goldamagynda bolup geçen agdarylyşygyň netijesinde turandygyny aýtdy.
3-nji sentýabrda Pekiniň Tiananmen skwerinde tigir sürüp barýan adam.
Ol beýle diýmek bilen 2014-nji ýylda Moskwa tarapdar ukrain prezidenti Wiktor Ýakunkowiçiň häkimiýetden gitmegine getiren Maýdan protestlerine nätakyk salgylandy. Ýanukowiç ÝB bilen aradaky söwda şertnamasy boýunça meýilnamalary goýbolsun edip, ýurduň ugruny Moskwa tarap öwürdi.
Putin Günbataryň Ukrainany NATO ýaranlygyna çekmek boýunça eden synanyşyklarynyň “Russiýanyň howpsuzlygyna göni wehim abandyrandygyny” aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu aralykda, Kiýewiň ‘Isleg koalisiýasyndaky’ ýewropaly ýaranlary 4-nji sentýabrda Parižde duşuşyp, Ukraina howpsuzlyk kepillikleriniň berilmegini ara alyp maslahatlaşmakçy bolýar. Bu koalisiýa fransuz prezidenti Emmanel Makron we britan premýer-ministri Keir Starmer ýolbaşçylyk edýär.
Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç (ulaga seredýär) 3-nji sentýabrda II Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän harby parada gatnaşmak üçin Pekinde bolýar.
“Biz hyzmatdaşlar bilen bilelikde, şeýle-de NATO bilen utgaşykly hereket edip, Ukrainanyň berk howpsuzlyk kepilligini kesgitlemegiň üstünde işläris. Bular parahatçylyga tarap ygtybarly hereket etmek ugrunda zerur bolan alynky şertler şertler bolup durýar” diýip, Makron NATO-nyň başlygy Mark Rutte bilen geçiren gepleşikleriniň yz ýany X ulgamynda ýazdy.
“Biz Russiýanyň pozisiýasyny gözden geçireris, ol özüniň agressiýa urşunda aýak direýär we parahatçylygy ret etmegi dowam etdirýär” diýip, Makron sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen 31-nji awgustda Kiýewiň ýewropaly ýaranlarynyň, Moskwa bilen Kiýewiň arasynda parahatçylyk ylalaşygy gazanylan halatynda, Ukraina goşun ibermegiň mümkinçilikleri babatynda “örän anyk meýilnamalaryň” hem-de “aýdyň ýol kartalarynyň” üstünde işleýär diýdi.
fon der Leýen “Financial Times” gazetinde çap edilen teswirlerinde şeýle tagallalaryň Birleşen Ştatlar tarapyndan doly goldanýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. ABŞ soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda şeýle potensial tagallalara özüniň gatyşygy boýunça durnuksyz pozisiýalary eýeläp gelýär.
Degişli maglumat Tramp Putin bilen Zelenskiniň arasynda duşuşyk guramalaşdyrmakçy bolýarÜçtaraplaýyn sammit boýunça ‘anyk meýilnama ýok’
Kremliň daşary syýasat geňeşçisi Ýuriý Uşakow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň meýdançalarynda eden çykyşlarynda Putin, Zelenski we ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen arada üçtaraplaýyn sammit geçirmegiň häzirki wagtda meýilleşdirilmeýändigini aýdyp, Trampyň has ozal özüniň şeýle ýygnagy guramalaşdyrýandygy barada aýdan belliklerine ters düşdi.
“Häzir hemmeler üçtaraplaýyn sammit barada gürrüň edýär...ýöne bu babatda Putin bilen Trampyň arasynda anyk ylalaşyk bolmady” diýip, Uşakow aýtdy.
Urşuň bes edilmegini öz administrasiýasynyň iň ileri tutýan ugurlarynyň hataryna goşan Tramp Putiniň Zelenski bilen duşuşygy ret etmeginden barha ynjalyksyz bolup gelýär, ýöne ol üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegine tarap golaýlap barýandygyny aýdýar.
Tramp Russiýanyň ukrain şäherlerinde üznüksiz amala aşyrýan howa zarbalary boýunça hem gahar beýan edip gelýär. Şeýle zarbalar adam pidalaryna sebäp bolýar, infrastrukturalara zyýan ýetirýär.