Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda blogçy we žurnalist Mirbolat Myrzatýuly saklandy, ol ýigrenji öjükdirmekde aýyplanýar


Aktiwistler  3-nji sentýabrda Mirbolat Myrzataýuliniň boşadylmagyny talap etmek üçin ýygnandylar.
Aktiwistler  3-nji sentýabrda Mirbolat Myrzataýuliniň boşadylmagyny talap etmek üçin ýygnandylar.

Blogçy we žurnalist Mirbolat Myrzataýuly Almatyda sosial, milli ýa-da dini ýigrenji öjükdirmekde aýyplanyp tussag edildi (Jenaýat kodeksiniň 174-nji maddasy) diýip, Azatlyk radiosynyň Gazak gullugy habar berýär.

Almaty polisiýa bölüminiň derňew bölüminiň başlygynyň orunbasary Kaýrat Kasymbaýew bölümiň binasynyň daşyna ýygnanan aktiwistlere kazyýetiň iki gün içinde onuň üçin öňüni alyş çäresini kesgitlejekdigini aýtdy.

Myrzataýuly 2-nji sentýabrda Talgara eden saparyndan soň aragatnaşyga çykmagyny bes etdi. Onuň awtoulagy Almaty şäheriniň golaýyndaky Talgar etrabynda, eko-postyň duralgasyndan tapyldy. Žurnalistiň saklanmagynyň sebäbi entek belli däl.

Ol birnäçe gün mundan öň öz Facebook sahypasynda hökümeti daşary ýurtlulara ýer böleklerini hususy eýeçilige berendigi üçin tankytlady. "Bu milli howpsuzlyga gönüden-göni wehim salýar! Adamlary aldatmagy bes ediň!" diýip, ol ýazdy.

Aktiwistler 3-nji sentýabrda Mirbolat Myrzataýuliniň boşadylmagyny talap etmek üçin ýygnandylar. Olar onuň saklanmagyny işjeňligi bilen baglanyşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG