Daşoguz welaýatynyň Daşoguz halkara howa menziliniň azyndan 15 işgäri öz islegi bilen işden çykýandygy barada arza ýazmaga mejbur edilip, işden kowuldy. Ýene bir işgär 15 günlük tussaglyga höküm edildi.
Muňa olaryň prezidentiň portretiniň öňünde tans etmegi sebäp boldy diýip, ýerli kanun goraýjy edaralaryň birindäki çeşmämiz we howa menziliniň birnäçe işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“15-nji awgustda howa menzilinde işleýän hünärmenler iş wagtynda bir kärdeşiniň doglan gününi belläp, binanyň daşynda duran prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretiniň öňünde tans edýärler. Olaryň biri bu doglan günden käbir pursatlary özüniň TikTok sosial ulgamyndaky sahypasynda paýlaşýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasynyň ofiserleri wideony kimiň düşürendigini anyklap, ony paýlaşan we şol wideoda ýüzi görünýän azyndan 15 işgäri ýary gije iş ýerlerine, ýagny howa menziline çagyrýarlar.
“Tans edip, bolgusyz hereketleri etmek”
“Bu ýerde olaryň ählisinden öz islegi bilen işden gidýändigi barada arza ýazmak talap edildi we olar işden kowuldylar. Ofiserler TikTokda wideo paýlaşan howa menzili işgärini bolsa, diňe işden çykarmak bilen çäklenmediler, ony 15 günlük tussaglyga hem höküm etdiler” diýip, howa menziliniň bir işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Çeşmämiziň we howa menzili işgärleriniň sözlerine görä, MHM ofiserleri “jeza çäreleriniň” sebäbini işgärleriň prezidentiň portretiniň öňünde “tans edip, bolgusyz hereketleri edendigi” bilen düşündiripdirler.
“Türkmenistanda prezidentiň we onuň kakasynyň portretleri mukaddes hasaplanýar. Sen haýsy wezipede işleýän bolsaň-da, onuň suratynyň öňünde resmiler tarapyndan bolgusyz hasaplanýan hereketleri eden bolsaň, onda işiňden kowulýarsyň, hatda türme howpy hem bar. Bu, iş ýüzünde ýa-da haýsydyr bir ýerde ýazylmadyk özboluşly näresmi kanun diýsek-de boljak” diýip, kanungoraýjy çeşmämiz belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli kanun goraýjy edaralardan resmi teswir alyp bilmedi. Redaksiýamyz 2-nji sentýabrda howa menziliniň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, bu edaradan waka bararda teswir almaga synanyşdy. Ýöne Azatlygyň yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Bellesek, howa menziliniň hünärmenleriniň duçar bolan bu ýagdaýlary, Türkmenistanda prezidentiň portretiniň öňünde resmiler tarapyndan artykmaç hasaplanýan hereketleri eden raýatlaryň jezalandyrylmagy bilen baglanyşykly Azatlyga mälim bolan ilkinji waka däl.
"Portretler diňe hajathanalarda ýok"
Ýatlatsak, çeşmelerimiz şeýle hadysalaryň hatarynda geçen ýyl Magtymguly uniwersitetiniň Hukuk fakultetinde bolup geçen bir hadysa barada gürrüň beripdiler.
“Hukuk fakultetiniň bäş sany talyby prezidentiň portretiniň öňünde tahýalaryny ellerinde pyrlap, oýun etjek bolupdyrlar. Olar özleriniň bu hereketleri üçin, okuwda kowuldylar. Awtokrat ýurduň döwlet baştutanynyň portretiniň öňünden seresap bolup geçmeli” diýip, çeşmeler aýdypdy.
Şonda çeşmämiz munuň talyplardan edilýän iň möhüm talap bolup durýandygyny hem sözüniň üstüni goşupdy.
Bu aralykda, howa menziliniň birnäçe işgäri öz kärdeşleriniň prezidentiň portretiniň öňünde tans etmeginiň aýyp ýa-da bolgusyz hereketler däldigini aýdyp, häkimiýetlere nägilelik bildirdi.
“Halk ähli ýerde bar bolan prezidentiň portretlerinden ýadady. Diktaturanyň aňrybaşy, bu akyla sygjak zat däl. Prezidentiň we kakasynyň portretleri bir hajathanalarda ýok” diýip, işgär anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň ählisiniň daşynda, otaglarynda we koridorlarynda prezidentiň portretleri ýerleşdirilendir. Hatda olary döwlet taksilerinde we awtobuslarynda hem görse bolýar. Bu portretler býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň hasabyna ýylda bir gezek, käte-de ýylda iki gezek täzelenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum