Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orlow zawody işden çykan türkmenistanlylary suda berdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

"Professional enjamlary zawody" öňki işgärleriniň hasabyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak kararyna geldi, olar Türkmenistanyň raýatlary diýip, rus metbugaty habar berýär.

Mtsensk etrap kazyýeti üç işçiniň üstünden edilen meňzeş şikaýatlary kanagatlandyrmak kararyna geldi.

Habarda aýdylmagyna görä, Russiýadaky iş beriji üç türkmenistanlynyň her biriniň göçüp gelmegini guramak üçin 122,000 rubl çykdajy edipdir.

Olar zähmet şertnamasynyň gapdalyndan möhletinden öň işden çykan ýagdaýlarynda çykdajylaryň öweziniň dolunmagyny göz öňünde tutýan goşmaça ylalaşyga gol çekipdirler.

Emma muňa garamazdan, biraz wagt 2-nji kategoriýadaky awtomatiki we ýarym awtomatiki maşynlaryň we enjamlaryň operatory bolup işlän işçiler birdenkä, zawodyň çykaran çykdajylaryny doly tölemezden, öz arzalary esasynda bilelikde işden çykýarlar.

Kazyýet öňki işgärlerden 26, 53 we 87 müň rubl, şeýle hem döwlet pajyny tölemek üçin çykdajylary almaly diýen karara geldi. Bu kararlardan şikaýat edilip bilner diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG