Türkmenistanda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýan gününe gabat gelýän bu senäniň öň ýanynda, Ahal welaýatynyň orta mekdepleriniň töwereginde howpsuzlyk güýçlendirildi. Şeýle-de, täze okuw ýyly okuwçylardan ýene pul ýygnamak çäresi bilen başlandy.
Mundan başga-da, bu senä gabatlanyp açylan täze ýa-da durky täzelenen desgalaryň açylyş dabarasyna talyplar ir säher bilen köpçülikleýin gatnaşdyryldy. Täze okuw ýylynyň birinji gününde bolup geçen käbir ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Ahal, Balkan we Mary welaýatlaryndan maglumat berdiler.
“Ahalda 31-nji awgustdan başlap polisiýa işgärleri orta mekdeplerde nobatçylyk çekip başladylar. Olar howpsuzlygyň güýçlendirilmeginiň sebäplerini orta mekdeplerde döräp biljek ýaramaz hadysalaryň öňüni almak çäresi diýip düşündirýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
Ahally bilim işgärleriniň ençemesi şu ýyl 1-nji synpa başlaýan çagalaryň sanynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, ep-esli azdygyny synlasa bolýandygyny belleýär.
“Şeýle-de, olaryň arasynda ene-atasy daşary ýurtlarda zähmet çekýän ýa-da türme tussaglygynda bolan çagalaryň sany hem az däl. Olaryň ýüzlerinde şatlyk görmedik. Şeýle-de, käbir çagalaryň ýeter-ýetmezçilik sebäpli ýamaly eşikde ýa-da özlerine gysga ýa uly bolýan köne eşikde gelendiklerini gördük” diýip, mugallym aýtdy.
Bellesek, Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, müňlerçe türkmen raýaty güzeran eklemek we gazanç etmek üçin daşary ýurtlarda zähmet çekmäge mejbur bolýar.
Güller iki esse gymmatlady
Mundan başga-da, täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir gün galanda, 31-nji awgustda gül satylýan dükanlarda gülleriň bahasy iki esse gymmatlady. Gül söwdagärleriniň ençemesi munuň sebäbini “söwdanyň pesligi” bilen düşündirdi.
“Kärende töleglerini ýapmak üçin gülleriň bahasyny gymmatlatmaly bolýarys” diýip, gül söwdagäri anonimlik şertinde aýtdy.
Ýöne ene-atalaryň ençemesi adatça 1-nji sentýabrda birinji synpa başlaýan çagalaryň tas ählisiniň mugallymlaryna gül eltýändigine we bu günlerden gül söwdasynyň gyzgalaňly bolýandygyna ünsi çekip, söwdagärleriň bu pursatdan peýdalanýandyklaryny aýdýar.
Pul ýygnamak we harytlaryň sanawy
Täze okuw ýylynyň birinji gününe mekdep resmileriniň okuwçylardan ýene pul ýygnamagy hem kölege saldy. Ýokary, ýagny 10-12-nji synplaryň okuwçylaryndan mekdepleriň 1-nji sentýabrdaky bezegleri üçin 20 manatdan pul ýygnaldy.
Çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň ene-atalarynyň ellerine hem satyn alynmaly harytlaryň “uly sanawy” gowşuryldy.
“Bu sanaw arassalaýjy serişdelerden başlap, çagalaryň oýnajak oýunjakdyr oýnawaçlaryny, şol sanda depderdir ruçkalary, dürli galamlary, plastilinleri, reňkli kagyzlary, standart kagyzlaryň uly paçkasyny, albomy, gaýçyny öz içine alýar” diýip, ahally ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ene-atalaryň köpüsi bu harytlar üçin azyndan 200-300 manat sarp etmeli boljakdyklaryny aýdyp, çagalar baglarynyň terbiýeçilerine öz nägileliklerini bildirdi.
Galyberse-de, olar özleriniň her bir çaga üçin çagalar baglaryna her aýda azyndan 80 manat töleýändiklerini ýatladyp, bu harytlaryň aglabasynyň ýerli Bilim müdirlikleri tarapyndan üpjün edilmelidigini aýtdylar.
“Çagalar baglarynyň resmileri “bu sanawdaky zatlary getirmeseňiz, öz çagaňyz kösenýär, Bilim müdirlikleri bize hiç hili kömek etmeýärler, bizem öz jübimizden çykaryp, her çaga satyn alyp bilmeris” diýýärler” diýip, ahally ýene bir ene özleriniň satyn almaly harytlarynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyny we munuň maşgala býujetlerine agram salýandygyny anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli Bilim müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Mejbury köpçülikleýin çäreler
Türkmen häkimiýetleri 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlap, ýurduň dürli künjeginde täze ýa-da durky täzelenen desgalaryň ençemesini açdylar. Olaryň açylyş dabaralaryna talyp ýaşlary ir säher bilen mejbury gatnaşdyryldy.
Aşgabatly talyplaryň birnäçesi Instagram sosial ulgamynda paýlaşan wideo maglumatynda daňdan sagat 4:30-da açylyş dabarasyna barýandygyny aýtdy.
Marydaky habarçymyz hem şeýle maglumatlary tassyklap, welaýatda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna talyplaryň köpçülikleýin gatnaşdyrylandygyny aýtdy.
“Talyplar bu çärä daň bilen sagat 5:00-da barmaly edildiler. Talyplar 6 sagatlap ellerinde baýdakly durmaly boldular. Çäre sagat 11:00-da gutardy. Talyplaryň arasynda tahýasyny öýünde galdyranlar hem bardy. Olara göni bir sagadyň dowamynda öýlerine gidip gelmek berk tabşyryldy” diýip, maryly talyplaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Balkanyň Balkanabat şäherindäki habarçymyz hem, sebitde köpçülikleýin çäreleriň ençemesiniň geçirilendigini we olara esasan milli, gyzyl köýnekli talyp gyzlaryň gatnaşdyrylandygyny belledi.
Türkmen häkimiýetleri Bilimler we talyp ýaşlar gününi köpçülikleýin çäreler bilen giňden belleýär. Ýöne häkimiýetler indi birnäçe ýyl bäri 1-nji synpa barýan okuwçylaryň sany barada aç-açan maglumat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum