Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen Wladimir Putiniň arasynda ýüzbe-ýüz gepleşikleriň geçirilmek ähtimallygynyň geljegi babatynda ýokarlaýan näbellilige garamazdan, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp "CBS News" habar gullugy bilen söhbetdeşlikde ozalkysy ýaly, Kiýew bilen Moskwanyň arasynda parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagyna ygrarlylygyny aýtdy.
"Men muňa syn etdim, gördüm we prezident Putin we prezident Zelenski bilen bu barada gürleşdim" diýip, Tramp telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy. "Bir zatlar bolar, ýöne olar häzirlikçe taýyn däl. Ýöne bir zat bolar. Biz muny ýerine ýetireris" diýip, amerikan lideri sözüniň üstüni ýetirdi.
Rus goşuny awgust aýynyň aýagynda Kiýewe uly hüjüm edip, 25 adamyň ölmegine sebäp boldy. Donald Tramp bu bolan zatlardan nägileligini, ýöne Ukraina bilen Russiýanyň arasynda parahatçylyk ylalaşygynyň gazanylmagy ugrundaky tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.