Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häkimiýetler VPN ulanýan raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlara garşy göreşini güýçlendirdi. VPN ulgamlaryndan peýdalanyp, ýurtda gadagan edilen sosial ulgamlara girýän we garaşsyz web sahypalary okaýan aýal-gyzlar köpçülikleýin häsiýetde soraga çekilýärler. Olaryň azyndan biri 15 güne çenli tussaglyga höküm edildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Şu günler Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasynyň ofiserleri bilen bir hatarda, polisiýanyň jenaýat agtaryş bölümi etrapdaky ähli orta mekdeplere we edara-kärhanalara aýlanýarlar. Olar duýdansyz otaglara we synplara girip, aýal-gyzlaryň mobil telefonlaryny barlaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly köneürgençli zenan anonimlik şertinde aýtdy.
Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan aýal-gyzlaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, howpsuzlyk we polisiýa işgärleri Internet petiklemelerini böwsüp geçmek üçin VPN-den peýdalanýandygy anyklanan raýatlary ýerli polisiýa bölüminde soraga çekýärler.
“MHM nätanyş adamlaryň adyny aýdyp, ‘bulary tanaýaňmy? Olar Internetde VPN satýarlar. Şu adamlardan VPN satyn aldyňmy? Daşary ýurtlarda döwletimize garşy adamlar we saýtlar bilen habarlaşýaňmy?’ diýen soraglary berdiler. Olar Psiphon ulanyp-ulanmaýandygymy hem soradylar” diýip, golaýda soraga çekilen köneürgençli TikTok ulanyjy gyz anonimlik şertinde gürrüň berdi.
"Bihaýa suratlary paýlaşmak"
Ol polisiýa bölüminde özi ýaly başga-da ençeme ýaş gyzy görendigini we olaryň käbirleriniň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan ýiti haýbatlara we gorkuzmalara sezewar edilendiklerini hem sözüniň üstüne goşdy.
Kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiz bu çäreleriň çäginde köneürgençli bir TikTok ulanyjy zenanyň 15 günlük tussaglyga höküm edilendigini hem aýtdylar.
“Ol bu sosial ulgamda ‘bihaýa’ suratlary paýlaşmakda we ‘syýasata garşy’ web sahypalary okamakda günäli tapyldy” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlykda bu raýatyň şahsyýeti we onuň TikTok sahypasyndaky ulanyjy ady barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Pul jerimeleri
Mundan başga-da, howpsuzlyk we polisiýa işgärleri TikTok sosial ulgamynda sahypalary bolan okuwçylaryň ene-atalaryny jerime tölemäge mejbur edýärler.
“1-nji, 3-nji we 10-njy mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň tas ählisiniň ene-atalary 500 manatdan jerime tölediler” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň polisiýa we bilim bölümlerinden teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa bu çäreleriň çäginde, hususan-da, aýal-gyzlaryň nyşana alynmagynyň sebäplerini hem häzirlikçe anyklap bilmedi.
Mundan başga-da, häkimiýetleriň VPN ulgamlaryny petiklemek çäreleri hem güýçlendi. Häzirki wagtda sebitde işleýän VPN tas ýok diýen ýaly.
“Internetiň tizligi hem peseldi. 4G Internet ulgamy, hamala, 2G ulgamy ýaly işleýär” diýip, köneürgençli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, bilim resmileri etrabyň mekdeplerinde mobil telefon ulanmak gadagançylygyny gaýtadan güýje girizdiler.
Haýbatlar, gorkuzmalar...
Şeýle-de, soňky günlerde edara-kärhanalarda we mekdeplerde geçirilýän gündelik ýygnaklaryň ençemesinde “Internetdäki garaşsyz neşirleri okamagyň hökümet tarapyndan döwlete dönüklik hasaplanýandygy" bellenilip geçildi.
“Käbir ýygnaklarda Azatlyk Radiosynyň we TürkmenNews neşirleriniň saýtlaryny okaýan adamlaryň iki ýyla çenli türme tussaglygyna höküm ediljekdigi barada haýbat atyldy” diýip, köneürgençli býujet işgäri anonimlik şertinde belledi.
Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň Internet elýeterliligini onýyllyklaryň dowamynda berk gözegçilikde saklaýar.
Ýurtda halkara habar web sahypalary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň saýty, şeýle-de bütin dünýäde giňden ulanylýan sosial ulgamlar, Instagram, TikTok, YouTube petikli bolmagynda galýar.
Türkmenistanlylar häkimiýetleriň girizen Internet petiklemelerini böwsüp geçmek üçin VPN gurallaryndan gizlin peýdalanýarlar. Soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň Internetde has-da işjeňleşmeginiň arasynda, häkimiýetler VPN ulanýan we VPN-leri mobil telefonlaryna gurnap bermek hyzmatlaryny hödürleýän raýatlara garşy gözegçiligini we basyşlaryny wagtal-wagtal has-da güýçlendirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum