Ahal welaýatynyň döwlete degişli et dükanlarynda we olaryň bazarlardaky nokatlarynda adatdakysyndan iki esse arzan bahalanýan üwelen et peýda boldy. Bu waka, ilatyň ýurtda etiň bahasynyň gymmatdygy barada sosial ulgamlarda wideo maglumatlary ýygy-ýygydan paýlaşýan mahalyna gabat geldi.
Ýöne bu etiň hyrydary az bolup, ondan bir gezek satyn alan alyjylar ikinji gezek satyn almakdan saklanýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Bir kilogramy 40 manatdan satylýan üwelen et arzan diýip, 100 manat berip, ondan iki ýarym kilogram satyn aldym. Öýe getirip açsam, ondan ýürek bulaýjy, ýiti ýakymsyz ys geldi. Onuň bir böleginden nahar taýýarlasak, ysy gider öýtdük. Ýöne nahar bişenden soň, ony dadyp görsek, onuň tagamy ajymtyk bolup, onda mal etiniň tagamy ýokdy” diýip, ahally bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Arzan etden birnäçe kilogram satyn alyp, ondan nahar taýýarlap gören we onuň hiliniň ýaramazdygyny anyklan raýatlaryň köpüsi dükanlara baryp, üwelen etiň galan bölegini yzyna tabşyryp, pullaryny yzyna almaga synanyşýar.
Ýöne satyjylar dükanyň gapysynda “satylan harydyň yzyna alynmaýandygy” barada bildiriş ýerleşdirilendigini aýdyp, eti yzyna alyp bilmejekdiklerini belleýärler.
“Häkimiýetleriň gözboýagçylygy”
“Men satyja biz ýyllarboýy göle, goýun, geçi etini, hatda düýe etini iýip gelýäris. Biz bularyň etiniň tagamyny bilýäris diýip, bu etiň nämäniň etidigini soradym. Satyjylar munuň nämäniň etdigini özleriniň-de bilmeýändigini, diňe onuň Russiýadan getirilendigini bilýändiklerini aýtdylar” diýip, ahally ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýerli etleriň lomaý söwdasyny edýän söwdagärleriň ençemesi bolsa, üwelen etiň arzandan satuwa çykarylmagyny “häkimiýetleriň gözboýagçylygy” atlandyryp, ilatyň saglygy babatda töwekgelçilik edilýän bolmagynyň ähtimaldygyny çaklaýar.
“Bu, ilat arasynda etiň gymmatdygy barada nägilelikleriň köpelen mahaly, hamala, ýurtda arzan et bar ýaly edip görkezmek we halkyň gahar-gazabyny köşeşdirmek üçin edilýär. Ýogsam, häzir öz ýurduňda ýerli et 100 manat bahalanýan mahaly, ýol aşyrylyp, kireý çykarylyp, gümrüge paç-salgyt tölenip, daşary ýurtlardan getirilende we üstüne peýda göreniňde, bir kilogram etiň 40 manada satylmajagy düşnükli ahyryn. Şeýle-de, onuň halalmydygy, nämäniň etdigi barada-da hiç bir resmi, dükan satyjysy anyk bir zat aýdyp bilenok ahyryn” diýip, ahally et söwdagäri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Ahalyň ýerli söwda edarasyndan, şeýle-de Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
“Agzymyza bir aý bäri et degmeýär”
Ýöne bu waka, ilatyň ýurtda etiň bahasynyň gymmatdygy barada sosial ulgamlarda wideo maglumatlary ýygy-ýygydan paýlaşýan mahalyna gabat geldi.
Soňky aýlarda Instagram we TikTok ulgamlarynda türkmen raýatlarynyň etiň gymmatdygy zerarly “agyzlaryna bir aý bäri et degmeýändigi” baradaky wideolaryna köp duş gelse bolýar.
Häzirki wagtda Ahalyň bazarlarynda we et dükanlarynda ýerli mallaryň, ýagny göläniň, goýnuň we geçiniň etleri 80-100 manat aralygynda bahalanýar. Olaryň arasynda iň gymmady göle eti bolup, häzir onuň 1 kilogramyny 100 manada satyn alyp bolýar.
“Ýöne köp maşgalanyň bu etlerden satyn almaga maddy mümkinçiligi ýok. Tutuş aýyň dowamynda bir ýa-da iki gezek etli nahar bişirýän maşgalalaryň sany sanardan kän” diýip, ahally ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Arzan et naharhanalara, restoranlara iberilýär"
Bu aralykda, arzan etiň hyrydary tas ýok mahaly, et dükanlarynyň ençeme satyjysy häzir onuň esasan çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, harby bölümleriň, türmeleriň naharhanalaryna iberilýändigini aýdýar.
“Şeýle-de, arzan et toý hyzmatlaryny hödürleýän toý mekanlaryna, kafedir restoranlara hem satylýar. Restoranlar ýarym kilogram üwelen ete ýarym kilogram arzan eti we burç ýaly dürli tagam beriji garyndylary goşup, ondan lüle kebap bişirýärler. Şonda ete tüssäniň ysy hem garyşyp, onuň ajymtyk tagamy bildirenok. Edil şu usul bilen fitçi, somsa ýaly naharlary hem bişirýärler” diýip, dükan satyjysy anonimlik şertinde beren maglumatynda bu ýagdaýlardan söwda resmileriniň habarlydygyny hem aýtdy.
Türkmenistanda etiň bahasy wagtal-wagtal gymmatlaýar we bir salym wagt geçensoň, ýene birneme arzanlaýar. Munuň sebäpleri barada ilata resmiler tarapyndan düşündiriş berilmeýär. Et önümleri ýurtda soňky gezek iýul aýynyň ortalarynda gymmatlap başlady. Şonda hususan-da, 80 manada duran çylka etiň bir kilogramy 105 manada ýokarlandy.
Hökümet ýygnaklarynda we döwlet mediasynda ilatyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygy tekrarlansa-da, azyk önümleriniň, etiň gymmatlamagy barada hiç hili gürrüň gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum