Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýol howpsuzlygynyň biraýlygy Balkanda ýol hadysasy bilen başlandy, iki çaga ýaralandy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda köçe ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanýan biraýlyk başlanýan mahaly, ýurduň günbatar welaýatynda kiçi ýaşly iki mekdep okuwçysynyň agyr şikeslenmegine getiren ýol hadysasy boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

1-nji sentýabrda irden sagat 7:30 töwereklerinde Balkanabat şäherindäki 25-nji orta mekdebiň golaýynda ýokary tizlikde barýan bir ýeňil awtoulag ýol hadysasyna uçrap, kiçi ýaşly iki mekdep okuwçysyny kakdy diýip, çeşmeler aýdýar.

Bu waka Türkmenistanda köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine, howpsuzlyk sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagyna bagyşlanýan biraýlygyň başlanýan pursatlaryna gabat geldi.

“Agyr şikeslenen çagalar ýerli hassahana alnyp gidildi. Olar 2-nji we 4-nji synplarda okaýan ekenler” diýip, şaýatlar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi ejir çeken çagalaryň häzirki wagtda welaýat hassahanasynyň Trawmatologiýa bölüminde saklanýandygyny, olara intensiw lukmançylyk kömeginiň berilýändigini habar berdi.

“Iň soňky sapar [şu gün] irden sagat 10:00-da maglumat aldym, ejir çekenleri halas etmek ugrunda hirurglaryň alyp barýan lukmançylyk tagallalary dowam edýär” diýip, çeşme belleýär.

Howpsuzlyk we rahatlyk biraýlygy

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 1-nji sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda ýurtda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň yglan edilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň administratiw merkezinde hepdäniň başynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň sanynyň köpeldilendigini habar berýär.

“Balkanabat şäheriniň köçelerinde tas her çatrykda diýen ýaly polisiýanyň ofiserlerini, inspektorlary görmek bolýar. Olar iki-ikiden çatryklarda durup, ýol hereketine gözegçilik edýärler” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanda her ýyl sentýabr aýy köçe-ýol howpsuzlygy bilen bagly habarlylyk kampaniýalaryna gönükdirilýär. Bu döwürde ýurduň ýollarynda polisiýa gözegçiligi artdyrylýar, döwlet media serişdeleri, şol sanda elektron neşirler habarlylyk kampaniýalarynyň alnyp barlyşy barada media materiallaryny ýygjamlaşdyrýar.

Muňa garamazdan, sürüjiler Türkmenistanda ýol polisiýasynyň özlerinden dürli bahanalara salgylanyp, ‘para almak’ tejribeleriniň ýyllarboýy saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, ýurduň Içeri işler ministrligi, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurduň çäginde hasaba alynýan ýol hadysalary barada statistikalary jemgyýetçilige äşgär etmeýär.

Azatlyk Radiosy Balkanabat şäherinde 1-nji sentýabrda bolup geçen ýol hadysasy barada ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

“Sürüjiler ýol polisiýasyna para berip, öz meselelerini çözmäge endik etdiler” diýip, balkanabatly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

'120 km/sagat'

“Käbir sürüjiler sagatda 60 kilometr tizlik bilen sürülmeli ýerde sagatda 120 kilometr tizlik bilen ulag dolandyryp bilýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar we bu ýagdaýyň pyýadalaryň we beýleki sürüjileriň jan-saglygyna howp abandyrýandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen mundan ozal ýurduň dürli sebitlerinde gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanda ýollaryň ýaramaz bolmagynyň, sandan çykan ýollaryň esli wagtlap abatlanylmazlygynyň hem ulaglara we ulag sürüjilerine howp abandyrýandygyny gürrüň berdiler.

Çukanak-sakanak ýollarda ulaglaryň ýokary tizlikde dolandyrylmaga synanyşylmagy hem ýol hadysalarynyň artmagyna getirip bilýär.

“Ýollaryň käbir böleklerinde ulaglaryň tizligini barlaýan gizlin kameralar oturdyldy. Sürüjiler ýol gözegçiligi gullugynyň işgärlerine 50 manat para berip, kameralaryň nirelerde oturdylandygyny anyklaýarlar” diýip, balkanabatly çeşmeler aýdýar.

Türkmenistanda şahsy ulaglar boýunça berk döwlet gözegçiligi öz güýjünde galyp, ulaglaryň reňki hem häkimiýetler tarapyndan kesgitlenýär, awtomobil ulaglarynyň köplenç ak ýa-da açyk reňkde bolmagy talap edilýär.

Galyberse-de, ýurda zenan sürüjiler hem çäklendirilip, olara sürüjilik şahadatnamalarynyň berilmegi kynlaşdyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri kanun goraýjy guramalaryň işgärleriniň özleriniň ýol hadysalaryna sebäp bolup, şeýle jenaýatlaryň bassyr-ýussur edilýän halatlarynyň bolýandygyny aýdýar.

“Polisiýa, MHM we prokuratura işgärleriniň içgili ulag dolandyrýan halatlary köp bolýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG