Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärendeçiler ilki ýygymçy, soň töleg üçin nagt pul tapanok - çeşmeler


Türkmen TW-sinde synlasaň, ýygymçylar toý eşiklerinde pagta ýygýar.
Türkmen TW-sinde synlasaň, ýygymçylar toý eşiklerinde pagta ýygýar.

Ahal welaýatynyň potratçylary kärende ýerlerinde ýetişdiren pagta ýygdyrmaga ýygymçy tapanok diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Kärendeçiler bu ýagdaýyň her ýyl gaýtalanýandygyny, pagta hasylynyň ýygnaljak wagtynda ellerinde ýeterlik nagt pullarynyň bolmaýandygyny aýdýarlar.

“Her ýylda bolşy ýaly, bu ýylam potrat ýerimize seretmekde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Esasy kynçylygymyz nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly. Her ýyl pagta hasylyny ýygnap almaly wagtymyz elimiz pulsuz bolýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen kärendeçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, pagta ýygymynyň okuw ýylynyň başlanýan wagtyna gabat gelmegi nagt pul ýetmezçiligini has-da ýitileşdirýär.

“Häzir çagalary mekdebe ugratmagyň, olary gerek okuw esbaplary, geýim-eşik bilen üpjün etmegiň özi bir uly çykdajy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Pagtaçy daýhanlary ýene bir köseýän mesele bolsa, ýol gözegçilik polisiýasynyň işi, hususan-da bahana tapyp, para aljak bolmagy bilen bagly.

Polisiýa 100 manada köp zada "göz ýumýar"

“...ýol polisiýalary awtoulagyňy gaty sürdüň, radara düşdüň, ýene bir zat diýip, 100 manat soraýar. Ýük ulagyň yzky bortunda daýhan gatnatsaň, olam standarta gabat gelenok, ýene 100 manat bermeli, şony berseň, olar göz ýumýar, sen düzgün bozmadyk adam bolýarsyň” diýip, daýhan aýtdy.


Aýry-aýrylykda gürleşilen dahanlaryň tassyklamagyna görä, ýol gözegçiligi polisiýasynyň käbir talaplary dogry, ýol, köçe düzgünleriniň bozulmagy adam heläkçiligine, kyn ýagdaýlara getirip bilýär. Ýöne olaryň bu düzgün bozmalary öz ‘gazanç çeşmelerine’ öwürmegi, galyberse, ýollaryň, köprüleriň ýagdaýyna göz ýummagy düzgün-tertibiň, kanunçylygyň hemmeler tarapyndan berjaý edilmeginiň peýdasyna däl.

Kärendeçileriň biri daýhan kynçylyklarynyň diňe ýol polisiýasy bilen gutarmaýandygyny aýtdy.

“Suw nasosy hatardan çykdy, suw nasosynyň transformatoryny täzelemeli diýen ýaly bir topar mesele bar. Hemmesiniň çözgüdi nagt pul bilen bagly. Hatda kärende ýeriňde işleýän tehnikalary hem diňe nagt pul bilen işledip bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi käýindi.

Türkmen hökümetiniň geçirýän mejlislerinde hemişe daýhanlaryň suw, dökün, tehnika bilen ýokary derejede üpjün edilýändigi tekrarlanýar, hasyl ýygnalýan wagtynda tölegleriň gijikdirilmän edilmegi tabşyrylýar. Emma bu sözler diňe ýaýlym üçin, dahanlaryň ýagdaýyny ýeňletmek üçin däl diýip, bir kärendeçi metbugatda aýdylýan zatlaryň durmuşdan gaty üzňedigini öňe sürdi.

'Goşmaça pul tutulýar, adalat ýok'

“Döküni özüň satyn almaly, soňunda, pagta hasylyny ýygnap gutaranyňdan soň, dahod jemlenende, özümiz pul berip tehnika işletsegem, pul berip dökün satyn alsagam, pul berip suw tutsagam, iň soňunda biziň azabymyzdan dökün üçin, suw üçin, tehnika hyzmaty diýip, goşmaça pul tutulýar.”

Ikinji tarapdan, ýurtda dowam edýän agyr işsizligiň, ykdysady kynçylyklaryň we durmuşyň dowamly gymmatlamagynyň fonunda, mekdep üçin gerek zatlaryny özi satyn almaly bolýan okuwçylaryň köpelýändigi, olaryň iş gözleýändigi habar berilýär.

“Her gün daýhan tapmak gaty kyn boldy, ýöne mekdep okuwçylary, okuwa degişli zatlary satyn almaly diýip, özleri gelýärler. Emma mekdep okuwçylary her giren keşiniň içindäki pagtany saýlap, uzakly günde 18-20 kg pagta ýygýarlar. Öňler hakyky ýygymçylar bardy, olar günde 100 kg-dan aňyrda pagta ýygardylar” diýip, kärendeçi daýhan mekdep okuwçylaryndan kän peýda görmändigini aýtdy.

Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz häzir gowaça meýdanlarynda harby bölümlerden getirilen esgerleriň köpelýändigini, tussaglaryň hem pagta ýygmaga getirilýändigini, ýöne olaryň pagtany zaýalaýandygyny aýdýarlar.

Diňe pagta satyn alýanlar 'gönenýär'

“Häzir ýygnalan pagtanyň her kilogramyna potrat eýeleri 1 manatdan pul tölemeli. Elimizde pul galmady. Harby ofiserler, hukuk goraýjylar ‘häzir elimde pul ýok’ diýseň, esgerleri, tussaglary potrada salmaýarlar. ‘Mugt diňe Nyýazow döwügiňde bardy, häzir nahar duzy hem pully’ diýip, gülşen bolýarlar. Bu biz üçin gülkünç däl” diýip, kärendeçi döwlet başyndakylaryň daýhanlara arka çykjak gününe garaşmakdan ýadandygyny aýtdy.


Onuň pikiriçe, häzir kärendeçiler potrat ýerlerine kombaýn we daýhan salman, gowaça gowy ýetişende, içiniň pagtasy, çigidi, gozasy bilen üwedip, ählisini maldarlara satsa, şol döwlete pagta tabşyrandan has gowy, girdejili bolar.

Anonimlik şertinde gürleşen birnäçe daýhanyň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, häzirki ýagdaýda pagtaçylyk diňe her ýyl pagta bazalaryndan pagta satyn alýan kärendeçiler üçin ‘amatly’ bolýar, ýöne bu iş häkimler bilen bilelikde edilýär we hemme kişä başartmaýar.

Türkmen daýhanlary, ýagdaýlarynyň has kynlaşmagyndan gorkup, oba hojalygynda dowam edýän galplyklar barada açyk gürrüň edip, kanunçylygyň berjaý edilmegini talap edip bilmeýärler we şol bir ýagdaý uzak ýyllar bäri saklanyp galýar diýip, hünärmenler aýdýar.

Azatlygyň habarçylary pagtaçylykda, ýer-suw, dökün, tehnika işlerinde çuň ornaşandygy aýdylýan korrupsiýany ýerinde barlap bilmeýärler, türkmen häkimiýetleri ýagdaýyň näme üçin üýtgemeýändigi baradaky soraglara düşündiriş bermeýärler.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi diýip, habarda bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG