- Hytaý II Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli geçiren dabaraly harby ýörişinde özüniň harby güýjüni hem-de Russiýa bilen çuňlaşýan gatnaşyklaryny görkezdi
- Ýörişde Hytaýyň Si Szinpini, Russiýanyň Wladimir Putini we Demirgazyk Koreýanyň Kim Jong Uny bilelikde durup, Günbatar agalygyna garşy raýdaşlyk signalyny berdiler
- Putin Kim bilen duşuşyp, ony Moskwa çagyrdy, Kim bolsa, Russiýa Ukrainada başardygyndan ‘islendik ýol’ bilen ýardam bermedi wada berdi
Hytaý iri parad bilen özüniň barha ösýän harby kuwwatyny hem-de Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklaryny görkezdi. Bu çäre prezident Si Szinpiniň Günbatar däl dünýä gurluşyna ýolbaşçylyk etmek hyjuwlaryna ünsi çekdi.
3-nji sentýabrda geçirilen dabaraly harby ýörişde 10 müň esger we ýüzlerçe ýarag görkezildi. Çäräniň iň bellärlikli pursatlarynyň biri bolsa, Si Szinipiniň rus prezidenti Wladimir Putin we demirgazyk koreýa prezidenti Kim Jong Un bilen bilelikde durup, Pekiniň Tianmen skwerinde 70 minut dowam eden çärä bilelikde tomaşa etmegi boldy – bu pursat olaryň arasyndaky jebislige şaýatlyk etdi.
Si Putn we Kim bilen elleşip salamlaşdy, olar II Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişe tomaşa etmäge barýan 20-den gowrak daşary ýurt liderleri bilen bilelikde gyzyl halyda ýörediler.
Si, Putin we Kimiň çärä bilelikde tomaşa etmeginden soň, rus we demirgazyk koreýa liderleri öz aralarynda duşuşyk geçirdi, olar paradyň geçirilýän ýerinden gepleşikleriň geçirilen ýerine ulagda bilelikde syýahat etdiler.
“Men siziň esgerleriňiz edermen we gahrymançylykly söweşendiklerini bellemek isleýärin” diýip, Putin Kime ýüzlendi. Müňlerçe demirgazyk koreýa esgeri Ukrainanyň rus territoriýasyndaky garşylyklaýyn hüjümine yza tesdirmäge ýardam bermek üçin Russiýanyň Kursk sebitine iberilipdi.
Kim bolsa, Russiýanyň Ukrainadaky urşunda başardygyndan islendik ýol bilen bardam bermegi dowam etdirmegi wada berdi.
“Biz üçin Russiýa ýardam bermekde islendik ýol bar bolsa, biz elmydama şony ederis” diýip, Kim aýtdy. “Biz muny özümiziň doganlyk borjumyz hasaplaýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen ýygnakdan soň, Putin Kimi Moskwa sapar etmäge çagyrdy.
Tramp Si, Putin we Kimi nyşana aldy
Dabaraly harby ýörişiň geçirilýän pursatlarynda ABŞ prezidenti Donald Tramp II Jahan urşunyň ýyl dönümi boýunça Sini ýaňsyly gutlap, “Turth Social” ulgamynda post paýlaşdy. Hytaý 1945-nji ýylda Ýaponiýanyň boýun synmagyny Jahan urşunyň tamamlanmagy hökmünde belläp geçýär.
Şeýle-de, ABŞ prezidenti Putin we Kimi hem nyşana alyp, olaryň ABŞ-nyň bähbitlerine garşy iş alyp barýandyklaryny aýtdy.
“Siz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna garşy dil düwüşýärkäňiz, Wladimir Putine we Kim Jong Una meniň gyzgyn salamamy ýetiriň, haýyş edýärin” diýip, Tramp aýtdy.
Pekin diplomatik goldawlar, has köp rus netbiniň satyn alynmagy we raýat hem-de harby maksatlarda ulanyp boljak harytlar bilen Moskwanyň urşuny goldady.
Russiýa 2002-nji ýylda Ukraina goşun girizeli bäri, Russiýa bilen Hytaýň gatnaşyklary pugtalandy, olar söwda we harby hyzmatdaşlygy ýokarlandyrdylar. Russiýa we Hytaý awgust aýynda ilkinji gezek Ýuwaş ummanynda deňiz asty gämilerde bilelikde patrulçylyk etdi.
Putin dabaraly harby ýörişde wagty, Russiýa 502 sany uzak aralyk dronlary we 24 sany ganatly raketalar bilen Ukraina garşy howa zarbalaryny amala aşyrdy diýip, ukrain resmileri aýtdy.
Putiniň maslahatçysy Ýuriý Uşakow Trampyň bellikleri barada özüne berlen soraga “hiç hili dildüwşük ýok...şeýle pikirler üç lideriň hiç haýsynda döremedi” diýip, jogap berdi.
“Galyberse-de, hemmeler häzirki halkara meseleler babatynda Birleşen Ştatlaryň, prezident Trampyň häzirki administrasiýasynyň, prezident Trampyň hut özüniň oýnaýan roluna düşünýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum