Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda mejbury pagta ýygymynyň gerimi "ozal görlüp-eşidilmedik derejä" ýetdi


Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygýan býujet işgärleri (Arhiw suraty)
Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygýan býujet işgärleri (Arhiw suraty)

Türkmenistanda pagta hasylyny ýygnamak möwsümine resmi derejede heniz girişilmedik bolsa-da, pagta ýygymyna geçen aýyň ortalarynda başlan Balkan welaýatynda bu çäre bilen bagly mejbury zähmetiň gerimi, söhbetdeşlerimiziň belleýşi ýaly, ozal görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi.

Häkimiýetler şu günler pagta ýygymyna diňe döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärlerini däl, eýse hususy eýeçilikdäki dükanlaryň, garbanyşhanalaryň, toý mekanlarynyň we awtoparklaryň işgärlerini hem çekýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Hat-da, Bereket we Gyzylarbat şäherleriniň bazarlarynyň işgärlerini hem pagta ýygymyna çekýärler. Häzir mejbury ýygym zerarly bu şäherlerde bazarlara, söwda nokatlaryna, toý mekanlaryna, garbanyşhanalara diňe öýlän sagat 5:30-dan soň işlemäge rugsat berilýär. Galan wagty satyjylar, telekeçiler pagta ýygymyna ugradylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly bereketli telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Telekeçileriň we ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda bu şäherlerde diňe üç sany hususy dükan we garbanyşhana öz işlerini tutuş günüň dowamynda dowam etdirýärler.

"MHM-de arkalary bar"

“Bularyň eýeleriniň Milli howpsuzlyk gullugynyň (MHM) ýerli edarasynda we prokuraturada “arkalary”, ýagny tanyşlary ýa-da garyndaşlary bar. Şol sebäpli olar öz işlerini adatdakysy ýaly tertipde dowam etdirip bilýärler” diýip, ýerli kanun goraýjy edaralaryň birinde işleýän çeşmämiz aýtdy.

Türkmenistanda mejbury pagta ýygymyna býujet işgärleri bilen bir hatarda, esgerleriň, öňki bendileriň we köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan raýatlaryň çekilýändigi barada Azatlyk ýyllarboýy habar berip gelýär. Ýöne bu mejbury çärä hususy eýeçilikdäki telekeçileriň, işgärleriň çekilmegi barada maglumatlar ilkinji gezek gelip gowuşýar.

Bellesek, şu ýyl Bereket we Gyzylarbat etraplarynda mejbury pagta ýygymynyň gerimi býujet işgärleri üçin-de täze derejä ýetdi. Häzir býujetçiler pagta ýygymyna hem özleri gatnaşmaly, hem-de ýene bir adamy hakyna tutmaly edildiler.

“Jemagat hojalygy gullugynyň, aragatnaşyk, saglyk, bilim pudaklarynyň işgärleri, şol sanda mugallymlar, lukmanlar, elektrik we gaz üpjünçilik edaralarynyň , awtoýollaryň, gurluşyk trestiniň işgärleri özleriniň iş wagtynda pagta ýygmaly we her gün 40 manat pul bermeli. Edara ýolbaşçylary bu pula ýene bir adamyň hakyna tutulýandygyny aýdýarlar” diýip, býujet işgärleri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Mundan başga-da, edara ýolbaşçylary, býujet işgärleriniň tassyklamagyna görä, olaryň iş ýerlerindäki aýlyk haklarynyň ýöreýändigini bahana edip, ýygan pagta hasyllary üçin hak tölemeýärler.

“Biz şu ýyl hatda pagta ýygmak üçin fartukdyr gaplary hem öz hasabymyza satyn almaly bolduk” diýip, gyzylarbatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Gorkuzmalar

Mundan başga-da, býujet işgärleri edara ýolbaşçylary tarapyndan yzygiderli gorkuzmalara sezewar edilýärler. Ýolbaşçylar olardan günde 80 kilogram pagta ýygmagy talap edip, şondan az pagta tabşyrýan işgärleriň aýlyk haklaryndan 50 göterim kesiljekdigini duýdurýarlar.

“Ýöne biz günde 40-50 kg pagtany zordan ýygýarys. Sebäbi hasyl juda pes, meýdanlarda pagta az. Ýogsam, şu ýyl ýatymlaýyn pagta ýatyrylandan soň, biz günde azyndan 12-13 sagatlap günüň aşagynda pagta ýygýarys. Daňdan 7-de pagta meýdanlaryna baryp, agşam sagat 7-den soň gaýdýarys” diýip, býujet işgärleriniň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.

Sebitde şu ýyl pagta hasylynyň pes bolandygyny bereketli we gyzylarbatly kärendeçi daýhanlar hem tassyklaýarlar.

“Dökün, suw, hatarara bejeriş işleri, tehnika wagtynda berilmedi. Galyberse-de, çekirtge ýagdy. Şol sebäpli daýhanlaryň şu ýyl hem bergili çykjakdygy ikuçsyz” diýip, Saparmyrat Türkmenbaşy daýhan birleşiginden bir daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada etraplaryň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda şäher häkimliklerinden teswir alyp bilmedi.

Mejbury zähmet we tankytlar

Türkmenistanyň oba hojalygy pudagynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýan pagta hasyly döwlet tabşyrygy esasynda ösdürilip ýetişdirilýär. Her ýyl ýüzlerçe müň gektar meýdana ekilýän gowaçanyň ekiş, otag, çürtüm we hasyl ýygnamak işlerinde býujet işgärleriniň zähmetinden we pul goşantlaryndan peýdalanylýar.

Türkmen hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär. Munuň bilen baglylykda, ABŞ 2018-nji ýylyň maý aýynda türkmen pagtasynyň öz çägine import edilmegine gadaganlyk girizdi. Mundan ozal, 2016-njy ýylda global brendleriň ençemesi, şol sanda “H&M”, “IKEA, “Adidas” we “Esprit” Türkmenistanyň pagtasyndan ýüz öwrüpdi.

Ýöne soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleriniň bu ugurda Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigi aýdylýar. Bu barada Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 20-nji awgustda Birleşen Ştatlara amala aşyran saparynyň dowamynda hem belläp geçipdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG