Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuwçylardan mekdebiň hojalyk hajatlary üçin pul toplamak çäreleri başlandy, çagalar we olaryň ene-atalary gaty nägile bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Hökümet tankytçylary mekdeplerde berilýän bilimiň derejesiniň ýyl-ýyldan pese gaçýandygyny öňe sürýärler.
Habarçy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň sözlerine görä, okuwçylaryň käbiri synp ýolbaşçylarynyň ýüzüne gelip, “Biziň okuwa gelmegimize mätäç bolup duran ekeniňiz! Biz gelmesek, näme boljagyňyz belli däl” diýip, ajy gülýär.
Mugallymlar okuwçylaryň soňy gelmeýän mekdep dilegçiligi hakynda edil göni bolmasa-da, kakdyryp aýdýan ýaňsyly sözlerini eşitmezlige, düşünmezlige salýarlar, olar hem çäresiz diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Onuň öz tejribesine salgylanyp tassyklamagyna görä, mekdepde her okuwçydan hajathana kagyzy, “Domestos” ýuwujy serişdesi, el ýuwmaga niýetlenen ergin sabyn satyn almak üçin 5 manat möçberinde serişde ýygnalýar.
Türkmen metbugaty ýurtda täze, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň binalarynyň yzygiderli gurlup, ýygy-ýygydan ulanmaga berilýändigini görkezýär. Ýöne çeşmeler ýurduň sebitlerinde, etrap ýerlerinde, çet obalarda ýerleşýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýagdaýynyň “gaty gözgynydygyny” aýdýarlar.
Mekdep üpjünçiligi paýtagtdan daşarda has ýaramazlaşýar
Emma mekdepleriň üpjünçiligine, eger-de paýtagtyň merkezinde ýerleşýän bolsa, beýleki ýerlerdäki mekdepler bilen deňeşdirilende, “kän gowy seredilýär” diýip, çeşme aýtdy.
Şol bir wagtda, bu “gowulygy, daşlary il gözüne boýalan, reňklenen hem bolsa, Aşgabadyň çetinde ýerleşýän mekdepler barada aýdyp bolmaýar, olaryň içerki ýagdaýy, synp otaglarynyň, oturgyçdyr partalarynyň ýagdaýy gözgyny bolmagynda galýar” diýip, mekdep ýagdaýlaryny ýakyndan synlaýan çeşme Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
“Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän 96-njy orta mekdebin oturgyçlary, partalary gaty köne, köpüsi döwük ýa-da tagtasy çat açan, jaýrylan ýagdaýda... Oturgyçlaryň demirden edilen aýaklarynyň käbiri döwlen, olary demir kebşirleýji ussa çagyryp, derrew bejertmeli. Emma bu iş, serişde ýetmezçiligi sebäpli, soňa goýulýar” diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, oturgyç, parta ýetmezçiligi okuwçylaryň kähalatda synp otaglaryndaky partalarda iki bolup oturmaga derek üç bolup, gysylyp oturmagyna sebäp bolýar.
Mekdeplerde ol ýa-da beýleki zerurlyklar üçin ýygnalýan serişdelerden başga, ýurtda döredilen prezident kulty hem ene-atalaryň jübülerine goşmaça agram salýar. Soňky gelen maglumata görä, mekdeplerde şu günler prezidentiň suratynyň çarçuwasyny täzelemek üçin hem okuwçy başyna 5 manatdan serişde ýygnalýar.
Halylar soň nirä gidýär, belli däl
Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň mekdeplerinde ene-atalardan pul ýygnamagyň ýene bir görnüşi “synag edilýär”.
Birinji synp okuwçylarynyň ene-atalaryna, çagalar hemişe parta arkasynda oturman, käte üstünde oturyp oýnar ýaly, haly satyn almak üçin 50 manat getirmek teklip edildi diýip, neşir haly pulunyň mekdep okuwçylaryndan her ýyl ýygnalýandygyny belleýär.
“Halylaryň bahasy 900 manatdan başlanýar we birnäçe müň manada çenli ýetýär. Oba mekdeplerinde adatça 25-30 okuwçy bilen, her ýaşdaky çagalaryň üç synp bolýar. Her ýyl satyn alynnan halylaryň soň nirä gidýändigi belli däl” diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, TH ýurduň orta mekdepleriniň naharhanalarynda çaga naharlarynyň bahasynyň aýda 70 manat bolanlygyndan 100 manada çenli gymmatlandygy, puly ýok çagalaryň iýjek naharlaryny öýden, ýanlary bilen alyp gelýändigini habar berýär.
Göz-görtele basgylanýan kanunlar
Synçylaryň käbiri mekdeplerde we beýleki býujet edaralarynda adamlardan ol ýa-da beýleki zerurlyk üçin pul, serişde ýygnamak çäresiniň hakykatda ‘döwlet dilegçiligi’ bolup durýandygyny, bazarlarda dilegçilik çagalary, garrylary kowýan häkimiýetleriň ozaly ‘özüni oňarmalydygyny’ aýdýar.
“Döwlet Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet bilim edaralarynda umumy orta bilimiň hökmanylygyny we tölegsizligini kepillendirýär” diýip, ýurduň Bilim hakyndaky kanunynda aýdylýar. Şeýle-de, döwletiň durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlaryň bilim alýan döwründäki üpjünçiligi bilen bagly harajatlary öz üstüne alýandygy bellenýär.
Ýurduň maglumat üçin ýapyklygy, garaşsyz žurnalistleriň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň ýowuz ýanalmagy mekdeplerde her ýyl okuwçylardan ýygnalýan serişdeleriň umumy möçberini kesgitlemäge mümkinçilik bermeýär. Ýöne çeşmeler, ene-atalar bu praktikanyň döwlet syýasatynyň bir bölegine öwrülendigini, Bilim hakyndaky kanunyň 4-nji maddasyna düýpden ters gelýändigini aýdýarlar.
Mekdeplerdäki ýagdaý çagalara berilýän bilimiň hiline hem ýaramaz täsir edýär diýip, synçylar aýdýar.
Awstriýada ýaşaýan öňki diplomat Nurmuhammet Hanamow Türkiýede ilçi bolup işlän ýyllarynda Türkmenistandan gelen studentleriň bilim derejesiniň ýuwaş-ýuwaşdan üýtgäp, peselendigine şaýat bolandygyny aýtdy.
“Ilkiler Türkmenistandan Türkiýä gelýän okuwçylarymyzyň bilim derejesi türk okuwçylarynyň bilim derejesinden kän ýokarydy. Ol 90-njy ýyllaryň başynda, ýöne men öz işlän döwrümde şaýat boldum, eýýäm 2000-nji ýylyň başynda biziň Türkiýä okamaga gelýän okuwçylarymyzyň bilim derejesi türk okuwçylarynyň bilim derejesinden eýýäm gaty pese düşüpdi” diýip, Hanamow aýtdy.
Azatlyk ýurduň bilim resmileri bilen habarlaşyp, bikanun çäreleriň aç-açan dowam etdirilmeginiň mümkin bolan sebäpleri barada hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum