Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Isleg koalisiýasy' Ukraina boýunça howpsuzlyk kepilliklerini maslahatlaşýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron. 4-nji sentýabr, 2025 ý. Pariž ş. Fransiýa.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron. 4-nji sentýabr, 2025 ý. Pariž ş. Fransiýa.

Ukrainanyň Günbatar ýaranlaryndan ybarat 30-dan gowrak ýurduň liderleri uruşdan ejir çekýän ýurda Russiýa bilen arada parahatçylyk gazanylan halatynda beriljek howpsuzlyk kepilliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin prezident Wolodymyr Zelenski bilen bilelikde ýygnaga başladylar.

Isleg koalisiýasynyň ýygnagy 4-nji sentýabrda Parižde öz işine başlady. Zelenski bu ýygnaga ýörite gatnaşýar. Duşuşyk toparyň uruşdan soň Kiýewe berip biljek harby ýardamlarynyň derejesini kesgitlemegi göz öňünde tutýar.

Bu koalisiýa henize çenli öz roluny kesgitlemekde kän bir öňe gidişlik gazanyp bilmän gelýär, sebäbi sammitde orun almaýan ABŞ entek urşuň gutarmagyndan soňky döwür babatynda anyk jogapkärçilik alman gelýär. Waşingtonyň gatnaşmagy ýaranlaryň tagallalaryna goldaw bermek babatynda möhüm hasaplanýar.

NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte 3-nji sentýabrda gazanyp boljak sepgitler babatynda özüniň ‘aýdyňlyga’ garaşýandygyny aýtdy. Ol munuň Waşington bilen, onuň berip biljek kepillikleri babatynda, ara alyp maslahatlaşmalara mümkinçilik döretjekdigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Men biziň kollektiwleýin nämeleri gazanyp biljekdigimiz babatynda ertir ýa-da birigün aýdyňlyga garaşýaryn” diýip, NATO-nyň başlygy Brýusselde žurnalistlere aýtdy.

ABŞ prezidenti Donald Tramp Parižde geçýän ýygnagyň yz ýany, beýleki ýewropa liderleri bilen hem-de Zelenski bilen gepleşmegi meýilleşdirýär. Tramp kepillikler bilen üpjün edilmeginde ýüküň agramly böleginiň ýewropa ýurtlarynyň gerdeninde boljakdygyny, Waşingtonyň operasiýalara “belki-de, howa goldawlaryny berip biljekdigini” aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak geçen aý Ukraina boýunça howpsuzlyk kepillikleriniň harby düzüminiň meýilnamasynyň eýýäm şekillenip başlandygyny aýdypdy.

Tramp ABŞ-nyň berip biljek howa goldawlary boýunça jikme-jiklik bermedi, ýöne ol Waşingtonyň ‘Isleg koalisiýasy’ tarapyndan göz öňünde tutulýan ýewropa goşunlaryny ýerleşdirmäge ýardam berip biljekdigini aýtdy.

Russiýa Ukrainanyň çägine ýewropa goşunlarynyň ýerleşdirilmegini ret edýär. Prezident Wladimir Putin kabul ederlikli parahatçylyk ylalaşygy gazanylmadyk halatynda özleriniň “ähli wezipeleri harby güýç bilen çözmäge” isleg bildirýändigini duýdurdy.

Isleg koalisiýasyny emele getirýän 30 çemesi ýurt esasan Ýewropa ýurtlaryndan düzülýär, ýöne onuň düzümine Kanada, Awstraliýa we Ýaponiýa-da goşulýar.

Forum

XS
SM
MD
LG