Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar sebitde salgyt gullugynyň işgärleri 'barlag bahanasy bilen para soraýar' – telekeçiler


Illýustrasiýa suraty. Türkmenabat.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenabat.

Türkmenabatda ilat arasynda Owgan bazar atlandyrylýan möhüm söwda bazarynyň birnäçe satyjysy aýyň başyndan bäri ýerli salgyt gullugynyň işgärleriniň hususy dükanlarda we beýleki kärhanalarda barlaglary ýygjamlaşdyrandygyny, olaryň ‘barlag bahasyny bilen, telekeçilerden para soraýandygyny’ aýdýar.

Bahar we Birinji etrapçalardan bolan başga-da birnäçe dükan eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolup, salgyt gullugynyň işgärleriniň hepdäniň başyndan bäri öz dükanlarynda hem barlaglary ýygjamlaşdyrandygyny gürrüň berdiler.

“Graždan eşikli erkek adam 2-nji sentýabrda dükana gelip, ‘terminalyň ýok, ýangyna garşy enjamlaryň ýok’ diýip, yrsarap başlady. Ol dükan eýesiniň jerime tölemeli boljakdygyny aýtdy. Töleg geçirilýänçä dükanyň ýapyk saklanmagyny talap etdi. ‘Ýöne 3 müň manat para berseňiz, mesele göni çözüler’ diýip, göz-görtele, aç-açan para sorady” diýip, Owgan bazaryndaky bir dükan satyjysy aýdýar.

Telekeçiler güýçlendirilen salgyt barlaglarynyň dürli görnüşli kärhanalarda, şol sanda hususy söwda nokatlarynda, dükanlarda, garbanyşhanalarda, restoranlarda we kafelerde alnyp barylýandygyny aýdýarlar.

"Jerime-de tölemeli, para-da bermeli..."

Owgan bazardaky satyjynyň sözlerine görä, 2-nji sentýabrda bolan barlaglaryň yz ýany, dükan eýesi dessine özünden talap edilýän parany töläp, özüne degişli söwda nokadyny açyk saklamagy başarypdyr.

“Eger-de para bermeseň, jerimeleri töleseň-de, dükanyňy gaýtadan açmaga rugsat bermeýärler” diýip, telekeçi aýdýar.

Türkmenistanda salgytlar ulgamynyň hukuk binýady “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kanuny esasynda düzgünleşdirilýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti salgyt kanunçylygynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär. Öňler Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy atlandyrylan özbaşdak edara 2017-nji ýylda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň garamagyna berildi.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri salgytlar ulgamynyň hususan-da telekeçiler babatynda häkimiýetler tarapyndan ‘ýarag hökmünde’ ulanylýandygyny, şeýle-de bu ulgamdan hususy telekeçilerden ‘para almagyň guraly’ hökmünde peýdalanylýandygyny aýdýarlar.

Türkmenabatly telekeçiler özleriniň resmi salgyt töleglerinden daşary salgyt gullugynyň ýerli işgärlerine ‘resmi däl paçlary’ hem tölemäge mejbur galýandyklaryny aýdýarlar.

“Eger-de telekeçiler para bermäge razy bolmasalar, onda salgyt gullugynyň işgärleri dürli sebäpler bilen dükanlarymyzyň möhürlenjekdigini, ýa-da uzak wagtlap barlaglaryň dowam etdiriljekdigini aýdyp, haýbat atýarlar” diýip, telekeçiler aýdýar.

Owgan bazarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan dükan eýesi ýaňy-ýakynda özüniň salgyt gullugynyň işgärlerine 3 müň manat möçberinde para bermäge mejbur galandygyny, ýogsa-da dükanynyň möhürlenmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdýar.

'Goşmaça paçlar'

Beýleki bir telekeçi ‘ýangyn howpsuzlygy bilen bagly ileri sürlen bahana sebäpli’, özüniň häkimiýetlere 2 müň 500 manat möçberinde para tölemäge mejbur bolandygyny aýdýar. Ol özüniň iş ýerinde howpsuzlyk düzgünlerine laýyklykda zerur ýangyn söndüriji enjamlaryň satyn alnyp goýlandygyny aýdýar.

Hususy we döwlet edaralarynda ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmegiň düzgünleri Içeri işler ministrliginiň Ýangyna garşy göreş gullugynyň işgärleri tarapyndanam barlanýar.

Birinji etrapçada azyk söwdasy bilen meşgullanýan beýleki bir telekeçi özüniň resmi salgytlardan daşary salgyt gullugynyň işgärlerine aýda 4 müň manat möçberinde goşmaça paç töleýändigini aýdýar.

“1-nji sentýabrda, duýdansyz, ‘nalog’ geldi. Men onsuz hem, tölemeli salgytdan daşary, olara her aý 4 müň manat paç töleýärdim. Emma muňa garamazdan, bu gezek goşmaça 3 müň manat alyp gitdiler” diýip, Türkmenabat şäheriniň Birinji etrapçasynda azyk söwdasy bilen meşgullanýan telekeçi aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli salgyt resmilerinden ýa-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetinden goşmaça teswir alyp bilmeýär.

Dükan eýeleri salgyt gullugynyň işgärleriniň dükanlarda esasan töleg terminallarynyň oturdylyp-oturdylmandygyny, şeýle-de ýangyn söndüriji enjamlary barlaýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistan maliýe we ykdysadyýet ulgamyny digitallaşdyrmak tagallalarynyň çäklerinde tapgyrlaýyn esasda söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň oturdylmagyny üpjün edip başlady. Ýöne soňky ençeme ýyl bäri bu ugurda durmuşa geçirilýändigi aýdylýan çärelere garamazdan, müşderiler dükanlarda köplenç töleg terminallarynyň bolmazlygy ýa-da işlemezligi ýaly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

“Şäheriň etegindäki garbanyşhanalarda töleg terminallary ýok. Terminallary işletmek üçin, gowy Internet hem ýok. Terminallardan peýdalanmak üçin, banklara töleg tölemeli” diýip, bir restoran eýesi 1-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda 1-nji ýanwar – 31-nji dekabr aralygy salgyt ýyly we maliýe ýyly hökmünde kesgitlenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG