Lebap welaýatynda mobil telefonlaryny satýan telekeçiler we olary sazlamak işlerinden baş çykarýan ussalar Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) kiberhowpsuzlyk bölüminiň ýasan VPN ulgamlaryny we serwerlerini satmaga mejbur edilýärler. Bu ýagdaýlar barada telekeçileriň we ussalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Ýerli howpsuzlyk gullugynyň, komitetiň işgärleri gelip, bizden kiberhowpsuzlyk bölüminiň öz serwerlerinde ýasalan VPN-leri satmagy talap edýärler. Ýagny bize raýatlaryň telefonlaryna MHM-niň öz VPN-lerini gurnap bermegi buýurýarlar” diýip, lebaply smartfon telekeçisi anonimlik şertinde aýtdy.
Howpsuzlyk işgärleri özleriniň bu talabyny awgust aýynyň başynda güýje girizdiler. Olar talaby berjaý etmedik telekeçilere we ussalara uly möçberde jerime salynjakdygyny hem duýdurýarlar.
“Bu duýduryş zerarly Türkmenabat we Farap şäherlerinde VPN söwdasynyň mejbury kampaniýasy möwç alýar” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply VPN ussasy anonimlik şertinde aýtdy.
Ilatyň Internet elýeterliligini onýyllyklaryň dowamynda berk gözegçilikde saklaýan Türkmenistanda raýatlar Internet petiklemelerini böwsüp geçip, ýurtda petiklenen web sahypalara we sosial ulagmalara girmek üçin VPN ulgamlaryndan peýdalanýarlar.
Ýagdaýlardan habarly lebaply IT hünärmeniniň sözlerine görä, MHM öz VPN ulgamlaryny türkmen bazaryna ornaşdyrmak bilen, “bir okda iki towşan urmaga” synanyşýar. Birinjiden, gazanç etmek. Ikinjiden, ilatyň Internet elýeterliligine gözegçiligi artdyrmak.
“Mysal üçin, dürli VPN-ler we goşundylar üçin MHM-niň serwerlerini 800-1000 manatdan satmaga mejbur edýärler. Bu serwerler hiç haçan öçmeýär we durnukly işleýär. Şeýle-de, bu serwerler arkaly arzan bahaly VPN-ler tiz wagtda anyklanýar we petiklenýär” diýip, hünärmen anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, MHM bu usul bilen hem Interneti emeli çäklendirer, hem-de türkmen bazaryndaky bäsdeş VPN-lerini we serwerlerini aradan aýrar.
Türkmenistanda halkara habar web sahypalary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň saýty, şeýle-de bütin dünýäde giňden ulanylýan sosial ulgamlar, Instagram, TikTok, YouTube onýyllyklaryň dowamynda petikli saklanýar. Bu saýtlara VPN-siz girip bolmaýar.
Şu ýylyň başyndan bäri raýatlara VPN hödürleýän SMS iberilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. Mobil telefonlara VPN gurnap bermegi teklip edýän SMS-leriň gelip gowuşmagy raýatlaryň howpsuzlyk aladalaryny güýçlendirip, munuň ýurtda gadagan edilen neşirleri, saýtlary yzarlaýan adamlary anyklamak üçin häkimiýetler tarapyndan iberilýän bolmagy baradaky çaklamalary döretdi.
Mundan başga-da, soňky aýlarda Instagram we TikTok ýaly sosial ulgamlarda türkmen dilinde gepleýän ulanyjylar, ýüzlerini görkezmezden, özlerinde mugat VPN-leriň bardygyny raýatlara hödürleýärler. Ýöne bu VPN-leriň howpsuzlyk taýdan näderejede ygtybarlydygy nämälim bolmagynda galýar.
Galyberse-de, Lebapdaky bu ýagdaýlar, ýurduň demirgazyk welaýaty Daşoguzyň Köneürgenç etrabynda häkimiýetleriň VPN ulanýan raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlara garşy göreşini güýçlendiren mahalyna gabat geldi.
Habarçymyz 3-nji sentýabrda sebitde VPN ulgamlaryndan peýdalanyp, ýurtda gadagan edilen sosial ulgamlara girýän we garaşsyz web sahypalary okaýan aýal-gyzlaryň köpçülikleýin häsiýetde soraga çekilýändigini habar berdi. Kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiz bir TikTok ulanyjy zenanyň 15 günlük tussaglyga höküm edilendigini hem aýtdylar.
Bu çäreler bilen bir hatarda, häkimiýetler sebitde VPN-leri petiklemek çäreleri hem güýçlendirip, bu ulgamlaryň ählisini diýen ýaly böwetlediler. Şeýle-de, Internetiň tizligi hem peseldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum